Şu günler täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döredilen mekdep bazarlary ýokary hilli okuw esbaplaryny we harytlaryny ilata hödürleýär. Her gün ir ertirden agşama çenli olaryň söwdasy barha gyzyşýar. Şeýle söwda nokatlarynyň birnäçesi Arkadag şäherinde-de hereket edýär. Olar täze, «akylly» şähere özboluşly görk berip, ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi babatda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.
Arkadag şäheriniň söwda nokatlarynda guralan mekdep bazarlary şu günler iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Mekdep okuwçylaryna hödürlenilýän okuw esbaplarydyr beýleki harytlar köpdürlüligi, ýokary hilliligi we elýeterliligi bilen tapawutlanýar. «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgyly ýokary hilli önümler, taryhy şahsyýetlerimiziň, ýurdumyzyň gözel künjekleriniň suratlary bilen bezelen, degişli dersler boýunça maglumatlar ýerleşdirilen depderlerdir gündelikler ýaşlaryň watansöýüjiligini, okamaga, ylym-bilim öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrýar.