Halypa

15 Awgust 2024
225

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti. Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebiniň howlusyndan gireniňden seni üýtgeşik, täsin duýgy gaplap alýar. Sebäbi bu bilim ojagynyň her ädimi ylymda, dil biliminde, edebiýatda... öçmejek yz galdyran ussatlar bilen baglanyşykly ýatlamalardan doly. Elbetde, ol ägirtleriň aglabasy bilen didarlaşmak, işleşmek bize miýesser etmedi. Ol ýyllara biz «görenleriň gürrüňleri» arkaly «syýahat etdik». Öňde-de bir akyldaryň aýdyşy ýaly: «Çapyp barýan keýigiň saýasynda saýalan ýaly» diýdirip, zymdyrylyp barýan wagt bolsa uly-uly ussatlary görenleri görenleriň özlerini-de ýatlama öwrüp gidip otyr. Ýakymly gürrüňleri, hemişe goldaw bermäge taýýar, mähriban häsiýeti bilen hakydalarda hemişelik galan halypalarymyzyň biri-de zähmet ýolunyň uly bölegini şu uniwersitetde geçiren mugallym Merdan Badaýewdi.

Talyplyk dünýäsine gadam basmazymdan öňem uniwersitetde zähmet çekendigim sebäpli, Merdan mugallymyň öwüt-ündewe ýugrulan, gymmatly maslahatlaryny diňlemek miýesser edipdi. Daşyndan göreniňde «häsiýeti gaty agyr bolsa gerek» diýlen pikiri ilkinji gürrüňdeşlikde ýom-ýok edýän Merdan mugallym barada gürrüň çyksa, ilkinji nobatda, onuň beren goldawlary, maslahatlary sebäpli bir döwürler ýeňlip geçilen kynçylyklar ýatlanylar. Ol töwerek-daşyndakylara, tanaýanu-tanamaýan kişilerine-de hormat goýmak bilen özüne bolan hormatyň artmagyny gazanýardy. Bir ýola gürrüňdeş bolan, iň bolmanda salamlaşyp, pikir alşan adamyny aradan esli wagt geçip gabatlaşanda-da tanap, hatda adyny-da ýada salyp bilşi oňa bolan hormaty artdyrýardy. Uniwersitetde kätip bolup işläp ýören döwürlerimdi. Baýramçylyk dabaralarynyň birinde bir sebäp bilen Merdan mugallym bilen iki agyz gürrüňdeş bolmak miýesser edipdi. Şonda ol meniň näme üçin okuwa girmeýändigim bilen gyzyklanypdy. Menem höwesimiň bardygyny, öňümizdäki ýylda synanyşmakçydygymy aýdypdym. Ol şonda ýanymdan gitmänkä, ilki dürli ýerlerde işläp, soňra talyp bolanlar barada, olaryň soň uly-uly halypalar bolup ýetişendikleri hakda gürrüň berdi. Uniwersitetiň özünde işläp ýören we işlän ussatlardan mysal getirdi.

Gülşat MYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar