Juwanlygyň, erkinligiň, yşkyň şahyry

15 Awgust 2024
168

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bu gün paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň oturdylmagy seýilgähiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Olaryň arasynda wenger halkynyň milli şahyry Şandor Petefiniň hem heýkeli bar.

Şandor Petefiniň hakyky ady we familiýasy Aleksandr Petrowiç bolup, ol 1823-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Kişkýorýoş şäherinde dünýä inýär. Ýaňy bir ýaşyny dolduranda geljekki şahyryň maşgalasy Kişkunfeledhazu şäherine göçüp gidýär. Kakasy mümkinçiliginiň boldugyndan ogluna ýeterlik bilim bermäge çalşypdyr, ýöne käbir ýagdaýlar sebäpli Şandor liseýdäki okuwyny taşlamaly bolýar. 1939-njy ýylda güzerany halys kynlaşan Şandor Şopronyň etegindäki harby birikmä işe girýär, emma saglyk ýagdaýy sebäpli iki ýyldan soň goşun gullugyny tamamlamaly bolýar. Şondan soň ol gezende artist, terbiýeçi bolup gazanç edip ugraýar. Terjimeçilik, hatdatlyk oňa goşmaça gazanç getirip ugraýar. Ýeterlik derejede pul toplan Şandor ahyrsoňy okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik alýar. Şol ýyllar ol soňlugy bilen iň ýakyn dostuna öwrülen Mor Ýokai bilen tanyşýar.

Taýýarlan Uzukjemal MOLLAÝEWA,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar