Abadan ýaşaýyş wagyz edildi

15 Awgust 2024
155

Golaýda Daşoguz şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de Serhet gullugynyň harby bölümlerinde döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda wagyz-nesihat ýygnaklary geçirildi. Ýygnaklarda welaýat Polisiýa müdirliginiň, Suwda halas ediş müdirliginiň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň wekilleri çykyş etdiler.

Çykyşlarda berkarar Watanymyzyň dünýäde parahat hem asuda ýurt hökmünde tanalýandygy, ýurdumyzyň serhetleriniň ygtybarly goralýandygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy barada täsirli gürrüň edildi. Şeýle hem adam hakdaky aladanyň ilkinji nobatda durýandygy, olaryň kanuny hukuklarynyň hemişe goralýandygy barada aýdylyp, şeýle uly aladalara laýyk hemmeleriň öz ornunda mynasyp iş bilen jogap bermelidikleri ündeldi. Ýurdumyzyň syýasy durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar barada bellenip, oňa bagtyýar raýatlarymyzyň ýokary işjeňlik bilen gatnaşýandyklary aýdyldy.

Bibigül AMANOWA,
döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar