Watansöýüjilik — asylly ýörelge

15 Awgust 2024
109

Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir! Watan biziň gözümiziň görejidir! Watan başymyzyň täjidir! Watana söýgi iň beýik söýgüdir! Watan biziň guwanjymyzdyr!» diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleri hemmeler üçin, şol sanda ýaş nesil, aýratyn-da, döwlet gullukçylary üçin ýörelge, ýurdumyzy ösüşleriň täze menzillerine ýetirmekde ruhlandyryjy güýç bolup durýar.

Islendik halkyň watansöýüjiligi onuň döredijiliginde, aýratyn-da, nusgawy edebiýatynda äşgär ýüze çykýar. Edebiýat her bir halkyň kalbynyň aýnasydyr, milli häsiýetiniň beýanydyr we ruhy-ahlak terbiýesiniň gözbaşydyr. Edebiýat milletiň kalbynda Watanyna bolan söýgüsini pugtalandyrmakda, Watan bilen bitewüligini ebedileşdirmekde deňsiz-taýsyz wezipäni ýerine ýetirýär. Türkmen edebiýatynda watansöýüjiligiň beýany barada aýdylanda, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň setirleri dessine dile gelýär. Onuň eserleri Watany söýmegi, ezizlemegi inçelik bilen öwredýär. Şahyryň: «Neýleý, indi biçäreýem» atly goşgusynda şeýle setirler bar:

Jemile HOMMAÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar