Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna

14 Awgust 2024
167

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dostlukly döwletler bilen oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ynsanperwer taglymaty nusgalyk ýörelge bolup durýar. Bu taglymat berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň parahatçylyk, ählumumy ösüş we abadan durmuş babatdaky milli garaýyşlarynyň baş şygarydyr. Ol umumadamzat ähmiýetli ýörelgelere laýyk gelýändigi sebäpli bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar.

Bu taglymat hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky taryhy çykyşynda hem aýdyň şöhlelendi. Onda: «Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar we olar parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlykdyr» diýlip, aýratyn nygtalýar. Häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, ygtybarly hyzmatdaşlyk we heňňamyň synagyndan geçen köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary sebit döwletlerini has-da ysnyşdyrýar. Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň çäklerinde, esasan hem, goňşy döwletler bilen söwda-senagat, medeniýet we ynsanperwer ugurlar boýunça tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmek babatda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Merkezi Aziýanyň doganlyk halklarynyň milli garaýyşlary Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ynsanperwer taglymatyň düýp mazmunyna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda halkara hyzmatdaşlyk babatda umumadamzat ähmiýetli maksatlary öz öňünde goýan dialogyň zerurdygyny nygtap, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigi hakynda aýtmagy bu taglymatyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen şygar bilen öňe sürýän baş ýörelgesi döwrüň möhüm meselelerini we derwaýys wezipelerini çözmekde dünýä döwletlerine, halkara guramalara hem-de ählumumy jemgyýetçilige tagallalary birleşdirmekligi, utgaşykly hyzmatdaşlygy berkitmekligi ündeýär.

Dünýägözel JUMAÝEWA,
Daşoguz şäher ýuridik maslahathanasynyň adwokaty.
Beýleki habarlar