Sport — üstünliklere badalga

14 Awgust 2024
146

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegi babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär . Muny zähmet rugsadynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Sport ulag merkezine baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan gyzyklanmagy hem tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz merkezde sport ulagyna erk edip, çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň drift meýdançasynda ýene-de bir gezek ulag sürmegiň ussatlygyny görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek we ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi hem maslahat berdi.

Milli Liderimiziň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda awtomobil sporty uly ösüşe eýe boldy. Türgenlerimiziň halkara awtoralli ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şeýlelikde, awtomobil sporty hem sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, giň goldawa eýe bolýar we bu ugurda ýokary netije gazanýan türgenler yzygiderli höweslendirilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ösüş ýoluna düşen awtosportuň ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär.

Allanazar MÜŇBAÝEW,
TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar