Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

14 Awgust 2024
197

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Türkmen halkynyň dana ogly Magtymguly Pyragy ata-babalarymyzyň uzak taryhly baý medeniýetini, ahlagyny, pelsepesini we şahyrana dünýäsini şygyrlar çemenine öwrüp, çeper sözden müdimi ýalkym saçýan ruhy binany miras galdyrdy. Ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklarynyň şahyrana dünýäsi örän giň we çuň bolup, dünýä, ahlak, din hem-de hyýalyýet baýlyklarynyň esasynda arş bilen kürsüň aralygynda hereket edipdir. Milli çeper gymmatlyklaryň ösüşi ruhy bitewülige, özara täsirlenmä bagly bolupdyr, şunuň esasynda eýýamlaryň ruhy dünýäsi emele gelipdir.

Akjagül ÝOLDAŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar