Bilip goýan ýagşy

14 Awgust 2024
99

Synçgylawuk

Synçgylawuk — bu çaga dünýä inenden beýläk garrylyk ýaşynda-da bolup bilýän dem alyş ýolundaky bir hykgyldy. Synçgylawuk kiçijik bäbeklerde has köp gabat gelýär. Bäbejikleriň synçgylawugy tutsa, ulular: “Zyýany ýok, içi giňeýändir” diýýärler. Şonda-da bäbejigiň iki gaşynyň arasyna, maňlaýjygyna gökje sapagy togalap, ölläp goýýarlar. Ynanja görä, “Şeýtsek, synçgylawugy aýrylýar” diýýärler. Ulurak çagalarda, uly adamlarda bolsa synçgylawugy gaharyny getirip ýa-da tolgundyryp, ünsüni başga zada çekip, galdyrýarlar. Oýunlyga salyp: “Ogurlyk etdiňmi?” hem diýýärler.

Beýleki habarlar