Häsiýetler hakynda ylmy-edebi seljerme

14 Awgust 2024
133

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, dünýä döwletleriniň hem ençemesinde uly dabaralara beslenýän ýyly bolan üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi şahyryň ömri-döredijiliginiň has çuň öwrenilmegine we ähladamzat gymmatlygy hökmünde dünýä ýaýylmagyna giň mümkinçilik açdy.

Akyldar şahyrymyzyň her setiri guba düýä deň görlen goşgularynyň manysyny tirip, paýhas ummanyny boýlaýan ylym adamlary, magtymgulyşynaslar indi tegelek üç ýüz ýyldan bäri milletiň ruhy iýmitiniň çeşmesi bolup gelýän parasat baýlygynyň hamyrmaýasy hakyndaky täze-täze eserler bilen giň okyjylar köpçüligini begendirýärler. Şeýle gymmatly eserleriň birbada ikisi kitap tekjelerimizdäki eserleriň üstüni ýetirdi. Pedagogik ylymlaryň kandidaty Çary Gurbangeldiýewiň «Ýagşyny älem arzuwlar» we «Halk ýamanyň bizarydyr» atly iki jiltlik ylmy-edebi we terbiýeçilik mazmunly kitaby ýurdumyzyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilip, okyjylaryň eline gowuşdy.

Akmyrat ABDYLLAÝEW.
Beýleki habarlar