Beýik akyldaryň sarpasy

13 Awgust 2024
121

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň şygyrlary dürler hazynasydyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir. Ussat şahyryň çuňňur, parasatly pikirlere ýugrulan goşgulary ynsan ömrüniň ähli pursatlarynda terbiýe berýär, adamzada beýik söýgini, ynsan mertebesini dabaralandyrýar. Onuň halkymyzyň durmuş pelsepesine öwrülen dürdäne setirleri, öňe süren beýik taglymatlary, manyly öwüt-ündewleri bu gün millionlarça adamyň aňyna hem-de ýüregine täsir edýär».

Ýaşlarda watansöýüjiligi kemala getirmekde, olara edep, asylly terbiýe bermekde akyldar şahyrymyzyň ajaýyp goşgulary bahasyz hazynadyr. Ýazylanyna üç asyra golaý wagt bolan hem bolsa, many şuglasyny gün-günden artdyrýan goşgular bu günki günde türkmeniň kalbynyň owazydyr, kämillik mekdebidir, durmuşda ýol görkezýän şamçyragdyr. Şonuň üçin hem türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýäniň alymlary ylmy esasda öwrenýärler.

Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar