Ak melekler ýa-da ruhy sedalar (duýgular, pikirler, liriki miniatýuralar)

13 Awgust 2024
159

* * *

Ykbalyň külpetli, synagly öwrümlerinde aljyraňňylyga düşüp, pikirleriňde dagynyklyga uçrasaň, durmuş ýollarynda azaşyp, daglaryň dumanly, menzilleriň gümanly görünmegi mümkin. Şonuň üçinem mydama pikirleriňi anyk, dürs, aýdyň saklamaly, dünýägaraýşyňy ýollaryňa şöhle saçar ýaly, ähli pursatlarda ýalkymly şugla öwürmeli. Pikirleriňde hem duýgularyňda çarkandaga düşen deý büdremeli däl. Pähimsizlik edip, ýoluňy ýitirmeli däl. Durmuşdaky başagaýlyklaryň ilki bilen pikirleriňde başlanýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Şonuň üçinem ykbalyňy gülletmek üçin, ilki bilen pikirleriňi gülletmeli. Bu ýagdaý örän çylşyrymly hem örän ýönekeý durmuş logikasydyr.

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy
Beýleki habarlar