Hytaýda ýylyň birinji ýarymynda durmuş gurýanlaryň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13 göterim azaldy. Şeýle görkeziji ýylyň galan böleginde hem dowam eden ýagdaýynda 2024-nji ýylyň dowamynda goş birikdirenleriň sanynyň 6 million töweregi boljakdygy bellenilýär. Ýurduň Raýatlyk işleri ministrliginiň maglumatlaryna görä, alty aýda 3 million 43 müň jübüt nikalaşypdyr. Ýylyň ikinji çärýeginde nikalaşanlaryň sany 1 million 46 müň bolup, bu görkeziji birinji çärýekdäkiden 26 göterim az bolupdyr. Geçen ýyl ýurtda
7 million 68 müň jübüt goş birikdiripdir. Bu görkeziji 2016-njy ýylda 11 million 33 müň eken.