Saklanyp galan pursatlar

8 Awgust 2024
222

Kakam Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýew halypa kompozitor Weli Ahmedow bilen çagalar üçin ençeme aýdym döretdi. Olaryň bilelikde işlän aýdymlary 1962 — 1985-nji ýyllar aralygynda «Aýdym. 3-4-nji synplar üçin», «Çagalar üçin aýdymlar», «Biz aýdym aýdarys», «Что это такое?», «В Солнечный день» ady bilen Aşgabat we Moskwa şäherlerinde aýratyn ýygyndy görnüşinde neşir edildi. Öz döwründe çaga ýüreginiň owazlary bolup ýaňlanan bu aýdymlary belli estrada aýdymçylarymyz ýerine ýetirdi. Sada, many-mazmuna baý aýdymlar halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aknur Hojagurbanowanyň «Güneş» çagalar horuna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda iki halypanyň irginsiz zähmeti bilen döredilen «Gözel ülkäm», «Süýji bolýar», «Suw gelýär», «Kiçi bilen geçi», «Kömelek» ýaly aýdymlar diňleýjileriň söýgüsini gazandy. Bu günki günde hem bu aýdymlary ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerinde tälim alýan körpeler uly höwes bilen ýerine ýetirýärler.

Ahmet TAŇRYGULYÝEW,
fotohabarçy.
Beýleki habarlar