Ýangyn howpsuzlyk düzgünleri

8 Awgust 2024
106

Mälim bolşy ýaly, emele gelýän ýangynlaryň aglabasy raýatlaryň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bozýandyklary zerarly ýüze çykýar. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmegi maslahat berýär.

Ýaşaýyş jaýlaryň, ulaghanalaryň daş-töweregi hemişe arassa saklanylyp, hapa zir-zibiller öz wagtynda çäkden çykarylmalydyr. Ýaşaýyş jaýlaryň, ulaghanalaryň çäklerindäki geçelgeleri, girelgeleri, howlynyň içini, binalaryňdyr desgalaryň araçäklerini, jaýlaryň daşarky halas ediş basgançaklaryny, ýangyna garşy suw howuzlaryna barylýan ýollary dürli zatlar bilen baglamak bolmaýar. Geçmäge päsgelçilik döretmek, ýerli häkimlikleriň rugsady bolmazdan, gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek, howlynyň we gurluşyklaryň töwereklerinde ot ýakmak hem-de közli külleri dökmek gadagan edilýär.

Myrat ALLAKOW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň bölüm müdiri, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar