Magtymgula eltýän ýollar

8 Awgust 2024
189

Hazynalar bilen baglanyşykly okan kitaplarymda ýa-da tomaşa eden filmlerimde, köplenç, bir sahna göz öňümde janlanýar: eseriň başynda garyp-pukara ýa-da ýoksul-mätäç bolsun, gurby ýetik ýa-da täjir-tüçjar bolsun, ylym-bilime teşne talyp ýa-da alym bolsun, takwa-terkidünýä ýa-da Hudaýhon bolsun, tapawudy ýok, ellerine ýüzünde hazynaly ýeriň salgysy — kartasy ýa-da ýazgysy ýerleşdirilen bir bölek kagyz-mata düşýär. Şeýle pursatlaryň özi eýýäm bagty çüwenligiň buşlugy. Älem-jahan size maksat berip, eliňize şonuň salgysyny tutdurýan bolsa, onuň size ynanýandygy. Pursatlar beýik işleri bitirmek üçin ykbalyň çakylyklarydyr. Onsoň haýal-ýagallyga ýol bermän, desbi-dähel ugruna çykylýar, hazynalara tarap ýola düşülýär. Gola gonan bagt guşuny gorkuzmak — gelşiksiz, ürküzmek — ýerliksiz. Gerek ýerinde edep-edaly, zerur ýerinde suhan-sedaly bolup, biri-birine sepleşip gidýän sebäpleriň yzyna düşübermeli. Üstesine, Zeminiň hem siziň bilen deň gopmagyny isleýän bolsaňyz, gursagy hyjuw-hyruçdan dolduryp, batly ädimler bilen girişmeli. Çünki Zemin aýgytly ädimleriň zarbyndan lezzet alarmyş. Bir zady ymykly ýüregiňize düweniňizden soňra, «Gaýtmyşym etmek ýok» diýägetdin, öňe ymtylaýmak galýar. «Hemmesi bolar», «Biriniňki bolmasa-da, biziňki bolar. Her kimiň aýry nesibesi bar» diýip ýapyşmaly. «Bolar» diýseňiz bolar» diýen köneden bäri ýaýgyn bir sözem bar. Elbetde, ýöremeli ýoluň kynçylygy, muşakgaty bolup biler, ýöne hazynanyň muhabbeti ýoluň hupbatyny ýadyňdan çykardýar. Ömrüň, ýaşamagyň manysyna düşünmegem hazyna tapan ýaly, şeýle düşünjä eýe edýän pikirler bolsa bu ýoluň ygtybarly salgysy mysaly. Bu babatda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dür sözlerden düzülen dürli setirleri ömür syýahatymyza ýolbelet bolup bilýär.

Ömrüň manysyna düşünmek üçin Magtymgula düşünmek ýeterlik. Şahyrana ýaňlanýan täsinden täsirli setirler hem düşnükli, hem syrly, käbir jümleleriň bolsa üsti basyrylgy. Şahyr: «Meýhanada meý içdim, mestana boldum imdi» diýýär, ýöne ol «meý» biziň häzirki düşünjämizdäki başyňy sämedýän, gözüňi ümezledýän meý däl. Ol ýerde ylym-bilim ýa-da ylahy joşgun hakda gürrüň gidýär. «Şeýhler turdy, ýigitler deý raks etdi» diýýär, emma ol ýerdäki «raks» biziň häzirki düşünjämizdäki tans däl. Ol ýerde ylahy ylhamyň täsiri astyndaky joşgunly şatlyk ýa-da özüňden geçip, dünýäni unudyp, barlyk hem-de bakylyk arasyndaky sazlaşyk hakda gürrüň barýar. Pyragynyň şygyrlaryny okadygyňça, täsin dünýäniň içine siňip gidýärsiň. Içine siňdigiňçe-de, täze-täze zatlaryň üstüni açýarsyň. Manynyň içinde many ýygşyrylyp goýlan, özem bärki manysyny — daşky gabygyny bilmeseň, öwrenmeseň, aňyrsyndaky «şäniklerine» ýa-da «maňyzlaryna» akyl ýetirjek gümanyň ýok. «Ylym ýetmiş müň perdeden ybarat, ýöne bärki perdelerini açmasaňyz, aňyrkylaryny görüp bilmersiňiz» diýen pikirem, belki, şuny tassyklap biler. Gadymy ýunan alymy Demokrit «atom» («zerre») hakyndaky düşünjelerini beýan edeninde, ony «iň kiçijek bölünmeýän bölek» diýip atlandyrypdyr. Ýöne ylym atomlaryň hem bölünýändigini, älemde zerreden hem kiçi zatlaryň bardygyny subut etdi: proton, neýtron, elektron... Üstesine, çuňlukdaky şol ownuk bölejikler has uly bitewülikleri emele getirýän ýaly bolup dur. Bir zadyň içinden ýene bir zat çykyberýär. Aryf Magtymgulynyň edebi dünýäsinde syrlar ýa-da manylar düwünçegi hem edil älem-jahanyň gurluşynda bolşy ýaly, iç-içine gat-gat bolup gidýär. Her gezegem: «Megerem, şu iň çuň ýeridir ýa-da çür başydyr» diýýärsiň welin, ondanam has çuň ýa-da has belent bir ýer peýda bolýar. Älemiň gurluşy bilen Magtymgulynyň şygyrlarynyň meňzeşligi haýran galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndaky: «Dünýä içre ýene bir ajaýyp dünýä bar, oňa Magtymguly Pyragynyň dünýäsi diýilýär» diýen sözleri çuňňur mana eýedir.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.
Beýleki habarlar