Milli ýörelgeler rowaçlanýar

7 Awgust 2024
149

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalarynyň netijesinde halkymyzyň ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly ynsanperwer gatnaşyklary, dost-doganlygy pugtalandyrmak baradaky milli ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halky öz ata-babalaryndan gözbaş alyp gaýdýan milli edep-ekramy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen şu günki ösüp gelýän ýaş neslini terbiýeleýär.

Terbiýe — munuň özi ynsanyň ýüreginde bar bolan gowy häsiýetlerini ýüze çykarmaga täsir etmegini we daşky gurşawyň oňat ýörelgelerini endik etmegini gazanmakdyr. Ynsany halal we ruhubelent ýaşamaga, mydama netijeli hereketde bolmaga gönükdirmekdir. Adamlarda gowy zatlary söýmek, ýaramaz endikleri ýigrenmek häsiýetini oýarmakdyr. 

Meretbibi DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar