Awazada dynç alýan çagalara söz berýäris

7 Awgust 2024
103

Timur TAZEÝEW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherindäki 131-nji liseýiň okuwçysy:

— Arkadag şäherinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan çagalar hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde on gün dynç alýandygymyz üçin örän şat. Türkmen doganlarymyz bizi diýseň mähirli garşyladylar. Bu ýerde birnäçe türkmen deň-duşlarymyz bilen dostlaşdyk. Medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri biziň üçin diýseň täsirli hem gyzykly.

Beýleki habarlar