Milli bitewiligiň gözbaşynda duran şahyr

7 Awgust 2024
123

Halkymyzda «Baş bolmasa, göwre läş» diýen parasatly pähim bar. Çünki halky ýaşaýşyň ýeneki menzillerine alyp gitmek üçin onuň jümmüşinden çykan, milli bitewiligiň gözbaşynda duran ruhy ýolbaşçynyň bolmagy zerurdyr.

Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy şeýle şahsyýetleriň biridir. Ol 1724-nji ýylda Etrek derýasynyň boýundaky Hajygowşan obasynda, şahyr Döwletmämmet Azadynyň döwletli maşgalasynda dogulýar. Aňyrdan gelýän asylly maşgalada doglup, öz döwrüniň tanymal ylym ojaklarynda okap, Gündogar edebiýatynyň ägirtleri bilen tanyşmagy, halypasy, dosty Nury Kazym Ibn Bahr bilen dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmegi onuň geljekde türkmeniň beýik akyldar şahyry bolup ýetişmegi üçin oňaýly şertleri döredipdir.

Esen ÇARYÝEW.
Beýleki habarlar