Parahatçylygyň we abadançylygyň ýoly bilen

6 Awgust 2024
110

Geçen hepde ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleri ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilendir.

30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. BMG-niň esas goýujy halkara şertnamalarynyň, konwensiýalarynyň, ýaragsyzlanmak babatda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen, ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigi bellenildi. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, seýsmologiýa we monitoring ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekdiler.

«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar