«Geçmişiň bar, geljegiň bar, ertäň bar — mirasyma, sungatyma sarpam bar»

6 Awgust 2024
142

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, çagalaryň taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, çuňňur öwrenmegini gazanmak, ýaşlaryň arasynda türkmen milli medeni mirasymyzy, halk döredijiliginiň däplerini wagyz etmek we düşündirmek, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine olaryň aň-düşünjesini, ruhy döredijiligini has-da ösdürmek maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Geçmişiň bar, geljegiň bar, ertäň bar — mirasyma, sungatyma sarpam bar» atly şygar astynda gezelenç çäresi guraldy.

Gezelençde çagalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň, halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň ylmy-edebi mirasy hem-de geçmişde yz goýan taryhy şahsyýetlerimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza degişli, hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda alyp barýan il bähbitli işleri, gurulýan ajaýyp desgalar we durmuş ähmiýetli binalar dogrusynda söhbet açýan suratlar, maglumatlar, ýazgylar, arheologik tapyndylar, eksponatlar bilen giňişleýin tanyşdylar. Nesilden-nesle geçip gelýän milli kesp-kär, sungat eserleri, maddy we medeni gymmatlyklar çagalarda uly täsir galdyrdy.

Hurşida ATAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar