Halk Maslahaty — agzybirlik ýörelgeleriniň gözbaşy

6 Awgust 2024
135

Hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça işleriň guramaçylykly geçirilmelidigi barada ýörite tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen bu ählumumy forumy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň öňsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahatlar merkezinde geçirmeklik bellenildi. Häzirki wagtda Halk Maslahatyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uludan taýýarlyk görülýär we oňa gatnaşjak wekilleriň düzümi kesgitlenilýär. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen «Halk Maslahaty — agzybirlik ýörelgeleriniň gözbaşy» atly dabaraly maslahat hem bu möhüm çäräni wagyz etmek maksady bilen guraldy.

Welaýat häkimliginiň, welaýat halk maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärede çykyş edenler ýokary wekilçilikli edaranyň jemgyýetçilik durmuşyndaky orny barada durup geçdiler. Şeýle hem maslahatda üstümizdäki ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde möhüm meselelere garaljakdygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ýolunda kabul ediljek möhüm ähmiýetli çözgütlerdir kararlaryň halkymyzy, täze belent maksatlara ugrukdyrjakdygy baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi.

Arslan Çakanow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysady bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar