Kitaphanada geçen söhbetdeşlik

2 Awgust 2024
207

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýat teleradio studiýasynyň bilelikde guramaklarynda welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, zähmet çekmegi, gurmagy, Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyga beslenýändigi dogrusynda durup geçdiler. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi, oňa ykjam taýýarlykly barmagyň möhümdigi barada aýdylanlar ünsi çekiji boldy.

Röwşen MAKSATMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar