Iň gyzykly sport bäsleşikleriniň biri bolan sörfing ussatlygy we tejribe talap edýär. Deňizde güýçli tolkun we ýel bolan wagty ýerine ýetirilýän sportuň bu görnüşinde türgen belli ölçegde ýasalan tagta böleginiň üstünde tolkunyň güýji bilen kenara tarap batly tizlik bilen gaýdýar. Türgen sörfinge başlamazdan ozal, amatly tolkunyň gelmegine garaşyp oturýar. Tolkunyň golaýlap gelenini görende bolsa elini kürek ýaly ulanyp, tolkunyň üstüne çykýar we ýerinden turýar. Tolkunyň üstünde wagty agramyny tagtanyň dürli ýerlerine berip, ugruny we tizligini sazlaýar. Aslynda tolkunyň üstünde ýerine ýetirilýän hem bolsa, soňky ýyllarda tolkunyň ýok wagty hem sörfingi ýerine ýetirmegiň dürli usullary döredildi. Olaryň biri-de ýelkenli sörfingdir. Bu usulda sörfing tagtasyna ýelken oturdylýar. Tizlik bolsa ýeliň güýjüne hem-de türgeniň beden hereketlerine bagly bolýar. Mundan başga-da, gaýykly ýa-da deňiz motory arkaly hem sörfing ýerine ýetirilýär. Dürli ýaşdaky adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýän sörfingde deňiz ulagy tarapyndan çekilýän görnüşinde türgen deňagramlylygyny saklamak üçin aýagynyň aşagynda tagtanyň öň tarapyny çalaja ýokary galdyrmaly bolýar. Şeýle hem gaýyga baglanan ýüpüň ujundan tutup, bedeniňi birneme arkan ýatyrmaly bolýar. Suwuň ýüzünde taýýan adam sagatdaky tizligi 50 kilometre barabar bolan gaýyga baglanan, uzynlygy 20 metre barabar bolan üç sany ýüpe mäkäm ýapyşýar. Muňa garamazdan, ýykylmazlyk üçin çalasynlyk bilen göwresini saga-çepe gyşardyp, deňagramlylygyny saklamaly bolýar. Gaýygyň tizligi sagatda 35 kilometrden aşak düşse tagtanyň üstündäki adam ýykylýar.
Sörfing barada