Ýer ýüzünde janly-jandarlaryň we ösümlikleriň müňlerçe görnüşi bar. Olaryň köpüsi biziň golaýjygymyzda ýaşaýan hem bolsa, olaryň bardygyndan habarymyz hem ýok. Käbir jandarlar bolsa şeýle bir kiçi welin, göreni haýrana goýýar. Ine, kiçi jandarlaryň we ösümlikleriň käbiri.
Kolibri. Bu guşlaryň birnäçe görnüşi bolup, esasan, Karib deňziniň töwereginde ýaşaýarlar. Iň kiçi görnüşine balary kolibrisi (latynça: «Mellisuga helenae») diýilýär. Bu guşuň horazlary mäkiýanlaryndan birneme ulurak – uzynlygy 6,1 santimetr, agramy 2,6 gram bolýar. Mäkiýanlarynyň agramy 1,95 gram, uzynlygy 5,5 santimetr bolýar. Kolibriniň ähli görnüşiniň örän kiçidigine garamazdan, aşa çalt ganat kakýarlar we uçýarlar. Bu guşlar sekuntda 15-80 gezek ganat kakyp, ýüregi minutda 1260 gezek urýar. Guşuň esasy özüne çekiji aýratynlygy howada saklanyp durup, uçup bilmegidir. Hatda olar howada wagty gülüň şiresini sorup iýmitlenýärler. Şeýle-de, bu guşlar yzlygyna we gapdallygyna hem uçup bilýärler. Kolibrileriň peri örän ýalpyldawuk bolup, reňki we owadanlygy bilen özüne çekýär. Kolibriniň diňe Ýamaýkada duş gelýän «Mellisuga minima» atly görnüşiniň uzynlygy 1 santimetre, agramy bolsa 365 grama barabardyr.