Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

2 Awgust 2024
126

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Esenguly etrap merkezi kitaphanasynda hem şeýle çäreleriň biri geçirilip, ol «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» diýlip atlandyryldy.

Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň has-da belent tutulýandygyny, onuň nakyla öwrülen ajaýyp goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny, şahyryň arzuw eden zamanasynda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň buýsandyryjydygyny guwanç bilen belläp geçdiler. Kitaphananyň okyjylarynyň beýik akyldaryň şygyrlaryny ýatdan aýtmaklary, ýerli şahyrlaryň söz ussadyna bagyşlap döreden goşgularyny okap bermekleri, etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirmekleri çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Azatgül Jumadurdyýewa,
Esenguly etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar