Döwrüň jebisleşdiriji güýji

1 Awgust 2024
133

Halk Maslahaty türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň iň bir gadymy institutlarynyň biridir. Ol döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, şeýle hem ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýär. Onuň mejlislerinde wajyp ykdysady, syýasy, harby meseleler ilatyň giň gatlaklarynyň gatnaşmaklarynda halkyň ynamdar wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülipdir.

Türkmen halky hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat bilen garap, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanyp, maslahatly çözgütleri kabul edipdir. Halkyň wekilleriniň pikir alyşmagynyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ösüşe oňyn täsir edýändigine bolsa ylmy-nazary garaýyşlar hem-de taryhy tejribe şaýatlyk edýär. Halkymyzyň taryhy hakydasynda saklanyp galan we milli özboluşlylygyny beýan edýän hut şol asylly däpler häzirki wagtda döwrebap dowamatyny dabaralandyrýar.

Taganmuhammet MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy.
Beýleki habarlar