Deňhukuklylyk durmuş maksatlarynyň wajyp ugry

1 Awgust 2024
166

Ýurdumyzda zenanlar eziz Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar, döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda işleýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär» diýlip bellenilendir.

Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.
Beýleki habarlar