Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

1 Awgust 2024
141

Aşyrgeldi BEKDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist:

— Umumy ykrar edilen halkara kadalaryň ileri tutulýan wezipelerini durmuşa geçirýän ýurdumyz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde hem bular barada giňişleýin beýan edildi. Mejlisde pudagara toparyň 2024-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Nygtalyşy ýaly, halkyň bagtyýar ýaşaýşy üçin mynasyp şertleriň döredilmegi, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi bolup durýar. Goý, döwletimizde demokratiýanyň dabaralanmagy ugrunda bimöçber tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Beýleki habarlar