«Her dilde, her elde Magtymguly bar...»

29 Iýul 2024
215

Biz indi köp ýyllaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy, Eýran Yslam Respublikasynda ýaşaýan Aba işan Nazarmämmet Muhammedi bilen söhbetdeş bolup, beýik akyldarlaryň ömri-döredijiligine degişli maglumatlary toplap gelýäris. Ýaňy-ýakynda Aba işan bize beýik Pyragynyň özbaşdak döwlet gurmak, erkin ýaşamak babatda öňe süren pikirleri, söz ussadynyň arzuw eden şu ajaýyp zamanasynyň gelmegi bilen onuň mirasyny dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Bu maglumatlary Aba işanyň dili bilen okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Mälim bolan maglumatlara görä, Magtymguly işan bütin ömrüniň dowamynda halkynyň özbaşdak döwlet gurup, erkin ýaşamagy, agzybirlikde ömür sürmegi babatda aladalanypdyr. Dartgynly döwürde goňşy döwletleriň ýygy-ýygydan halkyň üstüne çozuşlary, talaňçylyklar ony diýseň gynandyrypdyr. Şeýlelikde, ol halky agzybirlige çagyrypdyr. Agalary Abdyllanyň, Mämmetsapanyň ýoluna eýerip, özbaşdaklyk babatda kömek soramak üçin owgan döwletiniň şasy Ahmet Dürranynyň ýanyna gidipdir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW.
Beýleki habarlar