Häzirki wagtda Arkadag şäherini ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň özi täze şäheriň binagärlik keşbiniň döwrüň talabyna laýyk derejede özgerdilmegini şertlendirip, 27-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrmagy hem-de ol ýerde şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşmagy we iş maslahatyny geçirmegi bu babatda möhüm ähmiýete eýedir.
ÖNÜMÇILIK TOPLUMYNDA ÄHLI ZERUR ŞERTLER DÖREDILMELIDIR