Nusgawy şahyryň edebi mekdebi

29 Iýul 2024
227

Täze taryhy döwrümizde beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şygarynyň many-mazmuny hem halkymyzyň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemäge, akyldar şahyrymyzyň baý edebi mirasyny giňden dabaralandyrmaga gönükdirilendir.

Magtymguly Pyragynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar. Akyldar şahyrymyzyň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan setirlerinde türkmeniň milli ruhy ýaşaýar. Her bir okyjy nusgawy şahyryň şygyrlaryndaky öwüt-nesihatlary özüne nusgalyk ýörelge edinýär. Milli şahyrymyzyň çuňňur many-mazmunly goşgulary türkmen halkynyň taryhy ýagdaýlary, ýaşaýyş-durmuşy, geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gymmatly goşgulary her bir ynsanyň kalbyndan eriş-argaç bolup geçýän akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy häzirki döwrümizde hem tutuş adamzat jemgyýetini terbiýelemekde söz sungatynyň ägirt uly güýçdügini subut edýär.

Aşyrgeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy bölüminiň habarçysy.
Beýleki habarlar