«Paramount» studiýasy «Skydance Media» bilen birleşýär

26 Iýul 2024
113

«Hollywood »-yň meşhur studiýalarynyň biri bolan «Paramount » başga bir kompaniýa, «Skydance Media » kompaniýasy bilen birleşýär. Has takygy, «Skydance Media » kompaniýasy «Paramount » studiýasynyň paýnamalaryny satyn alar. 1912-nji ýylda esaslandyrylan «Paramount » studiýasy «Hollywood »-yň iň gadymy 2-nji, dünýäde- de iň gadymy 6-njy kinostudiýa hasaplanýar. «Skydance » 2006-njy ýylda esaslandyrylyp, 2009-njy ýyldan bäri «Paramount » bilen bilelikde filmleriň önümçiligini gurap gelýärdi. «Terminator », «Ýerine ýetirip bolmajak missiýa » (Mission Impossible) filmleriniň soňky 4 bölümi, «Top Gan: Mawerik » (Top Gun: Maverick), «Star Trek» we başga- da birnäçe ilhalar filmler bu 2 studiýanyň bilelikdäki önümleri bolupdy. CBS, «Nickelodeon », «Paramount+ » ýaly «Paramount »-yň garamagyndaky platformalar hem 2016-njy ýylda «Skydance Media » kompaniýasyna öwrülen bu studiýanyň düzümine girer. «Paramount » studiýasy esasanam «Paramount+ » sebäpli soňky ýyllarda maliýe babatda kynçylyk çekýärdi. «Paramount+ » özi ýaly «Netflix », «Disney Plus» we «Amazon Prime Video» «streaming » platformalaryndan yza galýardy we müşderi toplamakda garaşylýan netijäni bermändi.

Beýleki habarlar