Balerina meňzeş gökdirän gurlar

26 Iýul 2024
119

Albaniýanyň paýtagty Tiranada «Bond Tower » atly özboluşly binany gurmak meýilleşdirilýär. Portugaliýanyň OODA studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan bu bina balet tansynyň hereketini ýada salýan üýtgeşik görnüşe eýe bolar. «Bond Tower »-iň daşky görnüşi bir gurluşa birigýän iki diňden ybarat. 50 gatly bolmagyna garaşylýan toplumyň takyk beýikligi entek kesgitlenmedi. Taslama düzülende adaty alban halylaryndan, şeýle hem ýurduň daglaryndan we obalaryndan ylham alnypdyr. Binanyň nagyşly fasady, toplumlaýyn ýaşyl giňişlikleri we üçekdäki eýwany binagärlik bilen tebigatyň sazlaşykly utgaşmasyny döreder. Aşaky gatlarda söwda merkezleri we ofis üçin otaglar, olardan ýokarda bolsa myhmanhana bolar. Ýokarky gatlar balkonly öýler üçin niýetlenen. Özboluşly dizaýny bolany üçin, «Bond Tower » haýbatly ululygyna garamazdan kaşaň görünýär. Häzirki wagtda binanyň gurluşygyna başlandy, ýöne onuň tamamlanjak senesi belli edilmedi.

Beýleki habarlar