Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda edýän tagallalaryňyz we ýadawsyz zähmetiňiz hakyky watansöýüjili-giň, Watana yhlasly hyzmat etmegiň aýdyň nusgasydyr. Ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hut özüňiziň berýän ünsüňizi aýratyn bellemek isleýärin” diýlip, Milli Liderimiziň hatynda bellenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge goşan ägirt uly go-şandy üçin goňşy döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.