Halk maslahaty — milli demokratiýanyň nusgasy

24 Iýul 2024
104

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýetilen sepgitleri, öňde duran wezipeleri halkyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek bu günki gün asylly däpleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hem-de onda döwlet ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemlerini jemlemek, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda tabşyryklary berdi. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edildi.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi wajyp ähmiýete eýedir. Çünki ol jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy däplerini döwrebap röwüşde dowam etdirýän, halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýan ýokary wekilçilikli edaradyr. Esasy Kanunymyzyň 3-nji maddasyna laýyklykda, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär, şeýle hem halk öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem esasy wezipeleri halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini il-ýurt bähbitli işlerde jemlemäge gönükdirilendir.

Ýunus MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar