Halk Maslahaty halkyň bähbidine

24 Iýul 2024
201

Milli ýörelgeleriň dabaralanmagy

Ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleriniň dowamata atarylýan täze taryhy eýýamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetimizde halkymyzy jebisleşdiriji güýje eýe bolmak bilen, döwlet ähmiýetli beýik işleriň binýatlyk esaslaryny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, 20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde umumymilli forumy geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary esasynda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bellenildi.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar