Sport — parahatçylygyň, dost-doganlygyň gözbaşy

24 Iýul 2024
156

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlarynda, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet tugumyzy belentde parlatmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary ajaýyp sport baýramçylygyna öwrüler. Mälim bolşy ýaly, bu Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzyň türgenleri sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça gatnaşarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna şanly waka mynasybetli iberen Gutlagynda: «Olimpiýa oýunlary, halkara sport ýaryşlary sportuň üsti bilen parahatçylyk, dostluk, ylalaşyklylyk taglymlaryny durmuşa geçirmekde özboluşly gural bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, Olimpiýa oýunlary dost-doganlygyň, parahatçylygyň gözbaşydyr.

Baýjan KAKABAÝEW,
welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar