Maşgala bagtyýarlygy — döwletiň ygtybarlylygy

24 Iýul 2024
202

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala gatnaşyklary bilen bagly wezipeleriň hem oňyn çözgüdine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir maşgalanyň bagtyýarlygyny üpjün etmek baradaky alada döwrebap häsiýetde durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz dünýäde iň bagtyýar adamlaryň ýaşaýan mekany hasaplanýar. Şol bagtyýarlyk maşgaladan başlanýar. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça baý bolar diýen parasatly hem dürdäne jümläniň mazmunyna maşgala gatnaşyklarynyň bitewüligini beýik tutumlary bilen berk ornaşdyran Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky tagallalaryny ýokary derejede durmuşa geçirmegi dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň yzygider aladalary bilen, bu günki gün her bir türkmen maşgalasyna bagtyň şuglasy nuruny saçýar.

Maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Maşgala kodeksiniň döwrüň öňe çykarýan wezipelerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan ýeňillikleriň döredilmegi her bir adamda maşgala gymmatlygyna hem-de mukaddesligine bolan hormaty berkidýär. Bu günki gün ýaşlar täze taryhy döwürde özleri üçin döredilýän giň şertlerden we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Bu maşgala gatnaşyklary babatda hem hut şeýle häsiýete eýedir. Çünki hormatly Prezidentimiziň taryhy çözgüdine laýyklykda, olar üçin döredilýän köptaraply ýeňillikler, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň işjeň durmuşa geçirilmegi uly gymmatlyk hökmünde sarpalanýan esasy durmuş ugurlaryna olaryň garaýyşlaryny berkitmäge uly ýardam edýär. Bu hakykata biz nika baglaşmaga gelýän ýaşlaryň mysalynda doly göz ýetirýäris. Olar bilen geçirilýän wagyz işleri ýaşlaryň maşgala babatdaky pikir-garaýyşlarynyň has berkemegine, çuňlaşmagyna getirýär. Maşgala gymmatlyklary dogrusyndaky durmuşy mysallara salgylanyp geçirýän söhbetdeşligimiz bolsa olaryň bu baradaky düşünjeleriniň üstüni ýetirýär.

Dünýä BALLYÝEWA,
Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher RÝNÝ bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar