Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

24 Iýul 2024
214

Berkarar döwleti islän şahyr

Gahryman Arkadagymyz türkmeniň beýik akyldar şahyry, özüniň dürdäne eserleri bilen dünýä şygryýetiniň parlak ýyldyzyna öwrülen Magtymguly Pyragy barada ýazan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr» diýip, jaýdar belleýär. Bu parasatly sözler ähli döwürlere hem degişlidir. Türkmen halky beýik akyldar Magtymgulynyň şygyrlaryny hemişe öz kalplaryna nagyş edip gelipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde gozgalýan durmuş meseleleri köptaraplydyr. Şahyryň şygyrlarynda ýurdumyzyň dagy-düzi, deňiz-derýasy, çöli wasp edilýär. Ol türkmeniň berkarar döwletini arzuwlady hem-de bu arzuwyň hasyl boljakdygyna berk ynandy.

Duşambaý ZIÝATOW,
Şabat etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar