Ady belli, arap tilli söwdügim

24 Iýul 2024
184

...Puşman olup, aýagyňa ýykyldy,
Ady belli, arap tilli söwdügim.
                              (Magtymguly Pyragy).

Her bir halkyň öz milli şahyry bolýar. Öz milletiniň köňül küýsegini, göwün genjini, umyt-arzuwlaryny çeper söz bilen beýan edýän, öz halkynyň hakydasyny, kalbyny, ýüregini güberçekledip görkezýän eserleri bilen halkynyň dilini ösdürýän söz ussatlary bolýar. Iňlislerde Baýron, fransuzlarda Wiktor Gýugo, ruslarda bary-ýogy 37 ýaşynda sekiz tom eser, ilkinji bolup goşgy bilen roman ýazan, beýik rus ýazyjysy F.Dostoýewskä «Hiç haçan hiç kim rus halkyna şonuň ýaly oňat düşünmändi, onuň wezipesine şeýle çuň we giňişleýin akyl ýetirmändi» diýdirmegi başaran şahyr (Durmuş hakykaty şeýledi: bu söz ussadyndan soň, tutuş rus milleti täzeçe pikirlenip, başgaça gürläp başlapdy) Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, ukrainlerde Taras Şewçenko, gruzinlerde Şota Rustaweli, azerbaýjanlarda Gündogarda ilkinji bolup hamsa (bäş kitapdan durýan eser) ýazan Nyzamy Genjewi, özbeklerde Alyşir Nowaýy, täjiklerde Rudaky, gazaklarda Abaý Kunanbaýew, tatarlarda Gabdylla Tokaý, garagalpaklarda Berdimyrat Berdak...

Gurbandurdy ORAZOW,
şahyr.
Beýleki habarlar