ýa-da Änewde ýaşap geçen şahyrlar hakynda
Ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekany hökmünde taryha giren gadymy Änew topragy Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň özenini düzýän watançylyk, mertlik, agzybirlik, halallyk, söýgi we dost-doganlyk mowzuklaryny Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlaryň derejesinde ösdürip, olar bilen bir hatarda goýlup bilinjek söz ussatlarynyň kemala gelen mesgenidir. Änewde ýaşap geçen Dosmuhammedi, Durdy bagşyny, Zahydyny, Ysmaýyly we Sahypjemaly döwrüniň ussat şahyrlary hökmünde görkezmek bolar. Bu şahyrlaryň şygyrlarynyň çeperçiligi örän ýokary bolup, olaryň birnäçesi häzirki döwürde hem bagşylaryň dilinden düşmän, halk köpçüligi tarapyndan höwes bilen diňlenilýän aýdymlara öwrülipdir.