Sowatly nesil — geljegi sowgatly halk

19 Iýul 2024
170

Hünärmenleri taýýarlamak döwletimiziň ykdysady we ylmy-aň kuwwatyny artdyrmagyň möhüm şertidir

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 15-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. Degişli resminama görä, okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

«Nesil».
Beýleki habarlar