Ýol hereketiniň hukuk binýady

18 Iýul 2024
179

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan adamlaryň, aýratynam, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmegiň, hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli garaýşy terbiýelemegiň örän möhüm wezipedigi hem birjik-de ünsden düşürilmeli däldir» diýip, parasatly nesihat etmek bilen pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleriniň häzirki wagtda bütindünýä hereketine öwrülendigini belleýär. Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, ol herekete Birleşen Milletler Guramasy howandarlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýol-ulag infrastrukturasy barha ösdürilýär. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýollar, köprüler, estakadalar gurlup, ýol hereketiniň howpsuzlygy üpjün edilýär. Ýollarymyzda hereket kadalarynyň berjaý edilmegini gazanmak bu işleriň aýrylmaz düzüm bölegi bolup, ol maksatnamalaýyn hem-de toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän çäreler toplumy aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Giň jemgyýetçilik gyzyklanmasyna eýe bolýan bu köpçülikleýin çäräniň gerimi barha giňeýär.

Rahat TÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar