Lez­zet paý­la­ýan nyg­mat

16 Iýul 2024
221

Dün­ýä­de mil­li se­ne­na­ma döw­let baý­ra­my hök­mün­de gi­ri­zil­me­dik, em­ma halk­lar ara­syn­da uly şat­lyk-şa­ga­laň bi­len bel­len­ýän en­çe­me şan­ly se­ne­ler bar. Şo­la­ryň ara­syn­da Bü­tin­dün­ýä şo­ko­lad gü­ni uly ýaş­ly bol­sun ýa-da ki­çi, ta­pa­wu­dy ýok, äh­li adam­lar üçin şü­we­leň­li geç­ýän baý­ram­dyr. Lez­zet­li ta­gam­ly şo­ko­lad ça­ga­la­ryň-da, uly ýaş­ly adam­la­ryň-da iň ha­la­ýan nyg­ma­ty bo­lan­soň, onuň şa­ny­na bel­len­ýän baý­ra­myň da­ba­ra­la­ry­dyr çä­re­le­ri hem gö­wün­le­ri gal­kyn­dyr­ýar. Çün­ki bu da­ba­ra­lar­da şo­ko­lad, süý­jüdir kö­ke önüm­le­ri­niň, dat­ly şo­ko­lad­ly hem-de ka­kao go­şu­lan iç­gi­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri taý­ýar­la­nyp hal­ka hö­dür­len­ýär. El­bet­de, ag­zy­ny süý­jü­den adam­la­ryň mu­ňa be­gen­ji­niň çä­gi bol­ma­ýar. Şeý­le-de to­ma­şa et­mek is­le­ýän­ler üçin şo­ko­lad, süý­ji-kö­ke önüm­çi­li­gi­ni alyp bar­ýan kär­ha­na­la­ra ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar.

Bü­tin­dün­ýä şo­ko­lad gü­ni il­kin­ji ge­zek 1995-nji ýy­lyň 11-nji iýu­lyn­da Fran­si­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Ýö­ne bu şan­ly se­nä­niň kä­bir ýurt­lar­da baş­ga gün­ler­de, ýag­ny 7-nji iýul­da, 13-nji sent­ýabr­da ge­çi­ril­ýän ýag­da­ýy hem bar. Wag­tyň geç­me­gi bi­len, bu baý­ra­my bel­le­mek dä­bi beý­le­ki döw­let­ler ta­ra­pyn­dan hem ma­kul­la­nyp, onuň ge­ri­mi has gi­ňe­ýär. Ger­ma­ni­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Ita­li­ýa, Rus­si­ýa, Is­lan­di­ýa, ABŞ, Ni­der­land­lar­da hem-de beý­le­ki ýurt­lar­da baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li dür­li fes­ti­wal­lar, bäs­le­şik­ler, aý­dym-saz­ly şü­we­leň­ler ge­çi­ril­ýär. Hü­när­men­le­riň şo­ko­lad­dan ýa­san heý­kel­le­ri to­ma­şa­çy­la­ry haý­ran gal­dyr­sa, kon­di­ter­dir aş­pez­le­riň taý­ýar­lan ta­gam­la­ry, no­gul-na­bat­la­ry, iç­gi­le­ri da­ba­ra gat­naş­ýan adam­la­ryň ag­zy­ny süý­jed­ýär. Da­ba­ra­da hü­när­men­ler şo­ko­lad­dan süý­ji we kon­di­ter önüm­le­ri­ni taý­ýar­la­ma­gyň syr­la­ry bi­len paý­laş­ýar­lar. Hü­när­men­ler da­ba­ra ge­len kär­deş­le­ri­dir myh­man­lar bi­len tej­ri­be alyş­ýar­lar.

In­ter­net mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da Taý­ýar­lan Kä­be TA­GA­NO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy.
Beýleki habarlar