Belent maksatlar rowaçlanýar

16 Iýul 2024
407

Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Olaryň bu şadyýan möwsümini manyly geçirmekleri üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bar bolan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde doly şertler we mümkinçilikler döredilendir.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýleki çagalar bilen bilelikde, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň hem tomusky dynç alyş möwsümini manyly geçirmeklerine aýratyn üns berýär. Has takygy, geçen hepdäniň şenbe güni Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara edermen gallaçy daýhanlarymyzyň bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý edip, gazanan zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu şatlykly, ýatdan çykmajak waka çagalaryň kalbynda hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk we alkyş duýgularyny döretdi.

Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar