Hukuk düşünjeleri artdyrylýar

16 Iýul 2024
288

Ýurdumyzda ykdysady, maşgala, hojalyk we beýleki gatnaşyklara degişli halkyň milli ruhundan ugur alýan kämil kanunlar kabul edilýär. Adamyň esasy gymmatlyk hökmünde öňe sürülýän ýurdumyzda kabul edilýän kanunlar raýatlaryň erkin ýaşamagy, döretmegi, erkin ýuridik taraplary döredip, ýurduň ykdysadyýetine goşant goşmagyna oňaýly şert döretmek baradaky talaplardan ugur alýar. Garaşsyz ýurdumyzda her bir kabul edilýän kanun raýatlaryň bähbidine gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň öňünde iňňän uly wezipeleri goýýar. Şunda diňe bir hereket edýän kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak ýeterlik däldir. Raýatlaryň  hukuk düşünjeliligini artdyrmak, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak babatda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurduň her bir raýatynyň döwletiň kabul edýän kanunlaryna bolan hormaty watançylyk duýgusyndan gözbaş alýar. Watany söýýän her bir raýat onuň kanunlaryny hormatlaman bilmeýär.

Didar ATAÝEW,
Görogly etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar