Çeper elleriň hünäri

16 Iýul 2024
259

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan ýurdumyzyň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň Änew şäheriniň medeniýet öýünde guralan jemleýji tapgyryna welaýatyň dürli ýerlerinden çeper elli zenanlar gatnaşyp, türkmen milli keçesini taýýarlamakda, gadymy nagyşlary keçä salmakda ulanylýan usullar, keçe güllenilişi dogrusynda gürrüň berdiler. Olaryň keçe bilen baglanyşykly aýdan gyzykly maglumatlary, rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde, ýaş nesle milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakda bu gadymy senediň uly ähmiýeti bardyr.

Emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, Babadaýhan etrabyndan Ýazbibi Atageldiýewa birinji, Gökdepe etrabyndan Mähri Berdimuhamedowa ikinji, Tejen etrabyndan Jennet Wepaýewa üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar