Nebitgaz toplumynda ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy

15 Iýul 2024
241

15-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde, yzygiderli ösdürmekde we bu ugurda iri taslamalary durmuşa geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil enjamlaryň, tehnikalaryň we innowasion tehnologiýalaryň ulgama ornaşdyrylýandygyny, şonuň netijesinde pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Serdar ATAÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar