Gözellik döredýän halyçy

3 Iýul 2024
252

Gözelligiň nusgasy bolan türkmen halysy gymmaty egsilmeýän hazynadyr, milli baýlygymyzdyr. Türkmen halysy halkyň ruhy medeniýetini özünde jemleýän sungat bolmak bilen, çeper elli halyçylarymyzyň çitýän her bir çitiminde zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny, zähmet-yhlasyny, ýürek arzuwlaryny görmek, duýmak bolýar. Halyçylarymyzyň dokaýan nepis halylary her bir türkmen öýüni, uludan tutýan toýuny bezeýär.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda 30 ýyl bäri zähmet çekip gelýän Maýagül Halykowa hem nepis halylary dokamakda baý tejribe toplan, ýaşlara görelde bolýan halypa zenan. Ol özüniň bu hünäri saýlap almagynda ejesiniň, aýal doganlarynyň täsiriniň uly bolandygyny nygtaýar. Bu gün özi halypalyga ýeten çeper elli halyçy bu sungatyň inçe syrlaryny ýaşlara yhlas bilen öwredýär. Ussat halyçynyň gyzy hem bu hünäri saýlap alyp, häzir mähriban käbesi bilen haly dokaýar.

Aýzada MUHAMMEDOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar